“ABŞ DAIŞ-li terrorçylaryň bir bölegini Owganystana geçirdi”

Eýran, ABŞ-niň Aziýada durnuksyzlygy artdyrmak üçin terror guramasy DAIŞ-e agza terrorçylaryň bir bölegini Owganystana geçirendigini beýan etdi

1102611
“ABŞ DAIŞ-li terrorçylaryň bir bölegini Owganystana geçirdi”

Eýranyň Mejlisiniň habarlar agentligi ICANA-nyň berýän habaryna görä, Mejlisiň başlygy Ali Larijani, paýtagt Tähranda Hytaýyň mejlisiniň başlygynyň orunbasary Çen Zu bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda ABŞ-niň birtaraplaýyn häsýetde çekilen ýadro ylalaşygy we terrora garşy göreş meseleleri maslahatlaşyldy.

ABŞ-niň Aziýada durnuksyzlygy artdyrmagy maksat edinýändigine ünsleri çeken Larijani: “ABŞ-niň Yrakdaky we Siriýadaky meseleleri Aziýanyň beýleki ýerlerine geçirmek üçin geçen ýyl DAIŞ-e agza ençeme terrorçyny Owganystana göçürmek işleri göz öňünde tutulanda Eýranyň, Hytaýyň, Pakistanyň, Türkiýäniň, Russiýanyň we Owganystanyň terrora garşy göreş boýunça hyzmatdaşlygy örän möhüm” diýdi.

Larijani mundan başgada ABŞ-niň çekilmeginden soň ýadro ylalaşygynyň beýleki ýurtlar tarapyndan goralmagynyň gerekdigini nygtady. Eýranyň Mejlisiniň başlygy, Hytaýyň Russiýa we Ýewropa ýurtlary bilen bilelikde ylalaşygyň goralmagyndaky rolunyň möhümdigini belledi.

Hytaýyň mejlisiniň başlygynyň orunbasary Çen Zu bolsa ýurdunyň sebitleýin we halkara meselelere garamazdan Eýran bilen uzak möhletleýin gatnaşyklar saklamak isleýändigini aýan etdi.


Etiketkalar: #Eýran , #mejlis

Degişli Habarlar