Owganystanyň paýtagty Kabulda çaknyşyk boldy

Hadysada 2 adam ýogaldy

1100290
Owganystanyň paýtagty Kabulda çaknyşyk boldy

Owganystanyň paýtagty Kabulda howpsyzlyk güýçleri bilen ýurdyň ozalky Goranmak ministri Abdul Rahim Wardakyň ogly Tamim Wardakyň goragçylarynyň arasynda bolan ýaragly çaknyşykda 2 adam ýogaldy.

Içeri işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Nasrat Rahimi, howpsyzlyk güýçleriniň Kabulyň Şehri New diýilen ýerindäki Tamim Wardakyň öýüne garşy geçiren operasiýasynda Wardakyň goragçylarynyň od açmagy netijesinde çaknyşygyň başlandygyny habar berdi.

Çaknyşykda 2 adamyň ýogalandygyny aýdan Rahimi, 1 žurnalist bilen 6 polisiň bolsa ýaralanandygyny beýan etdi.

Rahimi bikanun ýarag götermek, ýarag söwdasyny etmek bilen günäkärlenýän Tamim Wardakyň ençeme sagat dowam eden çaknyşykdan soň tussag edilendigini habar berdi.


Etiketkalar: #Owganystan , #Kabul , #çaknyşyk

Degişli Habarlar