“Gämiler Ukraina tarap gelýär”

Ukrainanyň Transport we infstruktura ministri Wolodimir Omelýan, Russiýanyň Azow deňzindäki Ukrainanyň deňiz portlarynyň bir bölegini açandygyny aýtdy

1100207
“Gämiler Ukraina tarap gelýär”

Berdýansk we Mariupol portlarynyň bir böleginiň açylandygyny nygtan ministr Omelýan “Gämiler Ukraina tarap gelýär” diýdi.

Ukrainanyň Odessa portundan Mariupol portuna gitmek üçin 25-nji noýabrda ýekşenbe güni ýola çykan Ukraina degişli 3 harby gämisine, rus gara suw giňişligine girendigi sebäpli Azow deňzindäki Kepçen bogazynyň golaýynda rus harby gämileri tarapyndan garşylyk görkezilipdi.

Ukrainanyň Deňiz güýçleri serkerdeligi, Azow deňzindäki Kepçen bogazynyň golaýynda Russiýanyň Federal Howpsyzlyk gullugyna degişli harby gämiden, Ukrainanyň harby gämilerine garşy ot açylandygyny we ukrainaly 6 esgeriň ýaralanandygyny habar beripdi. Gämileriň Russiýa tarapyndan ele geçirlendigi nygtalypdy.


Etiketkalar: #Ukraina , #gämi , #port

Degişli Habarlar