Dünýädäki maýyplaryň sany günsaýyn artýar

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasyna görä, dünýä ilatynyň ozal bolmadyk derejede garramagy we hroniki kesellerdäki artyş, dünýädäki maýyplaryň sanyny günsaýyn artdyrýar

1098998
Dünýädäki maýyplaryň sany günsaýyn artýar

BMG maýyplaryň hukuklaryna, başdan geçirýän kynçylyklaryna we meseleleriň çözüw ýollaryna ünsleri çekmek maksady bilen 1992-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Bütindünýä Maýyplar güni hökmünde yglan etdi. 

Guramanyň berýän hasabatyna görä, 7 milliartdan gowrak dünýä ilatynyň 1 milliartdan gowragynda biri-birinden tapawutly inwalidligi bar. 

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, dünýä ilatynyň takmynan 15 göterimine deň gelýän bu derejäniň her ýyl has hem artýandygyna ünsleri çekýär. 

 


Etiketkalar: #maýyp , #ilat , #dünýä

Degişli Habarlar