Ukraina rus raýatlaryna çäklendirmeler girizer

Ukrainanyň Döwlet baştutany Petro Poroşenko ýurtda yglan edilen harby dolanşyk düzgüni sebäpli Ukrainanyň raýatlaryna hiç hili çäklendirmeleriň girizilmejekdigini belläp: "Rus raýatlaryna çäklendirmeler girizeris" diýdi

1097642
Ukraina rus raýatlaryna çäklendirmeler girizer

Poroşenko Twitteriň üsti bilen beren beýanatynda, Ukrainada harby dolanşyk düzgüniniň yglan edilmeginden soň halky sowukganlylyga çagyryp: "Dükanlara duz we kükürt almak üçin ylgamaň. Ukrainanyň raýatlarynyň banklardaky pullaryna, daşary ýurt walýuta işlerine ýa-da daşary ýurtlara gurajak saparlaryna hiç hili çäklendirme girizilmez" diýip belledi.  

Ýurtdaky rus raýatlaryna duýduryş beren Poroşenko: "Rus raýatlaryna çäklendirmeler giriziler we munyň ählisiniň adalatlydygyny pikir edýärin" diýip belledi.



Degişli Habarlar