Rus lider Amerikanyň Prezidenti bilen 1-nji dekabrda duşuşar

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp bilen 1-nji dekabrda duşuşyk geçirjekdigi mälim edildi

1097267
Rus lider Amerikanyň Prezidenti bilen 1-nji dekabrda duşuşar

Russiýanyň Ria agentliginiň Argentinadaky rus wekiliýetinden alan maglumatyna esaslanyp beren habarynda, Argentinada geçiriljek G20 Liderler maslahatynda Putin we Trampyň duşuşjakdygy beýan edildi.

Duşuşygyň Argentinanyň paýtagty Buenos-Aýresdäki myhmanhanalaryň birinde 1-nji dekabrda Türkiýäniň wagty bilen sagat 17:30-da geçiriljekdigi aýan edildi.



Degişli Habarlar