Kabulda bomba ýüklenen ulag bilen hüjüm guraldy

Wakada 10 adam ýogaldy

1097090
Kabulda bomba ýüklenen ulag bilen hüjüm guraldy

Owganystanyň paýtagty Kabulda düýn bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 10 adam ýogaldy, 29 adam ýaralandy.

Kabulyň Içeri işler edarasynyň metbugat geňeşçisi Basir Müjahit, 5 hüjümçiniň biriniň bomba ýüklenen ulag bilen Kabulyň Dispiçeri diýilen ýerinde Britaniýanyň G4S atly howpsyzlyk kärhanasyny nyşana alandygyny habar berdi.  

Bombaly hüjümden soň, beýleki 4 hüjümçiniň kärhana girip, howpsyzlyk güýçleri bilen çaknyşyga girendigini aýdan Müjahit, takmynan 10 sagat dowam eden çaknyşykdan soň 4 hüjümçiniň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini beýan etdi.

Müjahit, hüjümde 10 adamyň ýogalandygyny, aralarynda daşary ýurdyň raýatlar hem bolsa 29 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Hüjüm terror guramasy Taliban tarapyndan guraldy.


Etiketkalar: #Owganystan , #Taliban , #Kabul

Degişli Habarlar