NATO-nyň 29 agzasyndan Ukraina goldaw

NATO agza 29 ýurt, Azow deňiziniň Kerç bogazynda başdan geçirilen wakada Ukrainanyň tarapyny tutyp, Russiýadan Ukrainanyň gämilerini we deňizçileri azat etmek barada çagyryş berdi

1096419
NATO-nyň 29 agzasyndan Ukraina goldaw

NATO-nyň 29 agzasyndan emele gelýän NATO Atlantik geňeşinden berilen ýazmaça beýanatda, Russiýanyň Azow deňiziniň Kerç bogazynda Ukrainanyň gämilerine we deňizçilerine garşy harby güýç ulanmagynyň kabul edilip bilinjek zat däldigi mälim edildi.

Beýanatda: “Russiýa Azow deňizindäki Ukraina degişli portlaryň päsgelçiliksiz we erkin ýagdaýda ulanylmagyny üpjün etmegine çagyrýarys” diýip bellendi.

NATO agza ýurtlaryň Russiýa iň tiz wagtda Ukrainanyň gämilerini we deňizçilerini azat etmek barada çagyryş berilendigi aýdylýan beýanatda: “Halkara derejede kabul edilen serhetleriň we suw giňişliginiň çäginde Ukrainanyň özygtyýarlygyny we territorial bütewiligini güýçli ýagdaýda goldaýarys” diýip nygtaldy.

Beýanatda Russiýanyň Krymyň bikanun ýagdaýda anneksiýasynyň berk ýagdaýda ýazgarylandygy we ykrar edilmejekdigi ýatladyldy.


Etiketkalar: #NATO , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar