Fransiýanyň hökümeti ýurtdaky 14 sany ýadro energetika desgasyny ýapar

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, ýurtdaky 14 sany ýadro energetika desgasyny ýapjakdygyny mälim etdi

1096098
Fransiýanyň hökümeti ýurtdaky 14 sany ýadro energetika desgasyny ýapar

Emmanuel Makron, jemi 58 bolan ýadro desgalaryň sanyny, 2035-nji ýyla çenli 44-e çenli azaltjakdyklaryny beýan etdi. 

Makron Prezident wezipesiniň möhlediniň doljak ýyly bolan 2022-nji ýyla çenli diňe Fessenheim ýadro energetika desgasynyň ýapyljakdygyny habar berdi. 

Ýadro energetikadan dolulygyna ýüz öwürmejekdiklerini aýdan Makron, 2025-2026-njy ýyllarda 2 sany, 2027-2028-nji ýyllar aralygynda ýene-de 2 bolmak bilen 2035-nji ýyla çenli jemi 14 ýadro energetika desgasynyň ýapyljakdygyny beýan etdi. 

 

 



Degişli Habarlar