Russiýa Kerç bogazyny ýaňadandan açdy

Russiýa Azow deňizindäki Kerç bogazyny raýat gämileriniň geçmeklerine ýaňadandan rugsat bermäge başlady

1094886
Russiýa Kerç bogazyny ýaňadandan açdy

Rus resmiler tarapyndan berilen beýanatda, Ukraina bilen Azow deňizinde başdan geçirilen hadysa sebäpli gämilere ýapylan Kerç bogazynyň raýat gämileriniň geçmeklerine ýaňadandan rugsat berilmäge başlanandygy habar berildi.

Düýn irden Azow deňizinde rus harby gämileri bilen Ukraina degişli harby gämileriň gabatlaşandygy habar berilip, Russiýa degişli harby gämileriň Russiýanyň suw giňişligine girendigi sebäpli Ukraina degişli harby gämilere hüjüm edipdi.

Ukrainanyň Deňiz floty, Azow deňizindäki Kerç bogazynyň golaýyndaky Russiýanyň Federal howpsyzlyk gullugyna degişli gämilerden, Ukrainanyň harby gämilerine od açylandygyny we 6 ukrain esgeriniň ýaralanandygyny habar berdi, gämileriň Russiýanyň ýörüteleşdirilen güýçleri tarapyndan ele salynandygy mälim edildi.

Russiýa Azow deňizinde Ukraina bilen ýüze çykan dartgynlykdan soň BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşini adatdan daşary maslahata çagyrdy.

BMG-nin Howpsyzlyk Geňeşi rus harby gämileriniň Krymyň ýalpaklarynda Azow deňizinde Russiýanyň guryýer suw giňişligine geçendigini öňe sürüp, Ukraina degişli harby gämilere od açmagyndan soň möwjän dartgynlykdan soň şu gün nobatdan daşary maslahat geçirer.



Degişli Habarlar