“Serhetdäki esgerleriň ellerinde ýarag ýok"

Mattis bosgun kerweniniň öňüni almak üçin serhede ornaşdyrlan esgerleriň ýaragsyzdygyny nygtady

1093191
“Serhetdäki esgerleriň ellerinde ýarag ýok"

ABŞ-nyň Goranmak ministri Jeýms Mattis Merkezi Amerikadan ABŞ-na geçmek islän bosgun kerweniniň öňüni almak üçin serhede ornaşdyrlan esgerleriň ýaragsyzdygyny nygtady.

BBC-niň berýän habaryna görä, Mattis metbugata beren beýanatynda “Serhetdäki esgerleriň ellerinde ýarag ýok. Olara howply ýagdaýda serhet gullukçylarymyzy goramaklary barada görkezme berdim” diýdi.

BMG, Merkezi Amerikadan ABŞ-na tarap ýola çykan bosgun kerwenine 7 müňden gowrak adamyň goşulandygyny, şol kerwende 2300 çaganyň bardygyny nygtaýar.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Pentagona üstümizdäki aýyň başynda serhet galasyna goşmaça esgeriň ornaşdyrylmagy barada görkezme beripdi.

Bosgun kerwenlerine garşy serhet galasyna ugradylan esgerleriň 15-nji dekabrda yzyna ugradyljakdygy habar berlipdi.



Degişli Habarlar