Owganystanda harby merkezdäki metjide guralan hüjümde 10 esger ýogaldy
Hüjümde 15 esger hem ýaralandy
Owganystanyň Host welaýatynda ýerleşýän harby merkezdäki metjide Juma namazy okalýarka guralan hüjümde 10 esger ýogaldy.
Welaýat häkimliginiň metbugat geňeşçisi Taleb Mangal, harby merkezdäki metjitde Juma namazy okalýarka metjide giren hüjümçiniň bedenindäki bombany ýarandygyny aýtdy.
Hüjümde 10 esgeriň ýogalandygyny nygtan Mangal, 15 esgeriň hem ýaralanandygyny ýatlatdy.
Ýaralananlardan käbiriniň ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar.
Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.
Degişli Habarlar
Russiýa Liwandaky Raýatlaryna Ýurdy Terk Etmeklerini Maslahat Berdi
“Raýatlarymyza gysga wagtda Liwany terk etmeklerini maslahat berýäris we degişli çäreler görülýär"
Germaniýada partlama boldy
Germaniýanyň Kýoln şäherinde kafeleriň birinde bolan partlamada 2 adam ýeňil ýagdaýda ýaralandy