Indoneziýada 5,2 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Ilkinji kesgitlemelere görä, ýer titremesinde ölen ýitenin we ýaralananyň bolmandygy nygtaldy

1092636
Indoneziýada 5,2 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Indoneziýanyň Sumatra adasynda ýerleşýän Açe welaýatynda 5,2 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

Indoneziýanyň Metralogiýa, kilmat we geofizika gullugy Açe welaýatynyň paýtagty Banda Açeniň 106 kilometr günorta günbatarynda ýeriň 10 kilometr aşagynda 5,2 bal ululygynda ýer titremesiniň bolandygyny habar berdi.

Ilkinji kesgitlemelere görä, ýer titremesinde ölen ýitenin we ýaralananyň bolmandygy nygtaldy we sunami duýduryşy berilmedi.

Ýer titremesi we wulkan taýdan howply zolakda ýerleşýän Indoneziýada 2004-nji ýylyň 26-njy aprelinde bolan we goňşy ýurtlara hem ýaramaz täsirini ýetiren 9,1 bal ululygynda ýer titremesinde we sunami apatynda 230 müň adam ýogalypdy.

 



Degişli Habarlar