Dünýädäki ýyllyk ýagyşyň, garyň we dolynyň ýarysynyň iki hepdeden az möhletde ýagýandygy kesgitlendi

“Liwe Skaýnesde” berilen barlagyn netijesine görä dünýädäki jemi ygalyň mukdarynyň ýarysy ýylyň 12 gününde ýagýar

1092497
Dünýädäki ýyllyk ýagyşyň, garyň we dolynyň ýarysynyň iki hepdeden az möhletde ýagýandygy kesgitlendi

Barlag işiniň ýolbaşçysy ABŞ-daky Milli Atmosfera barlaglary merkeziniň hünärmeni Anželina Pendergrass we topary Global Howa synlaýyş ulgamynyň ýokarky gatlagyndaky belli ýerlerdäki jemi ygal mukdaryny hasaplaýan meteorologik beketlerden alynan görkezijilerden peýdalandy.

Tropiki ygal ölçeýiş missiýasyndan kosmiki maglumatlardan hem peýdalanan alymlar, 1999-2014-nji ýyllaryň aralygynda biri-birine bap gelýän görkezijileri seljerdi.

Hünärmenler dünýäniň ýyllyk ygalynyň ýarysynyň iň ygally 12 günde ýagýandygyny kesgitlediler.

Ygalyň 75 göterimimiň ýylda bir aýlyk döwürde ýagýandygyny beýan eden hünärmenler, ýyllyk ygalyň 12,5 göteriminiň 2 günde ýagýandygyny anykladylar.


Etiketkalar: #gar , #ýagyş

Degişli Habarlar