Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda ýokary derejeli maslahat geçiriler

Taraplar Ýokary derejeli syýasy dialog maslahatyny Ankarada geçirer

1091789
Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda ýokary derejeli maslahat geçiriler

ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we Howpsyzlyk boýunça ýokary derejeli wekili Federika Mogerini we ÝB Komissiýasynyň Agzalykdan jogapkär resmisi Ýohannes Han 22-nji noýabrda Ankarada Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşar.

Maslahatda Siriýadaky şertler, Eýrana goýulan sanksiýalar we Yrakdaky soňky wakalar bilen birlikde umumy meseleler boýunça pikir alyşylar.

Şeýle-de terrorçylyga garşy göreş, migrasiýa dolanşygy barada hyzmatdaşlyk we ÝB-Türkiýe özara gatnaşyklary maslahatyň çäginde garaljak käbir ugurlar.



Degişli Habarlar