"Taliban bilen parahatçylyk meselesinde ylalaşyk gazanmagy umyt edýäris"

Halilzad parahatçylyk gepleşikleriniň çäginde Katarda Taliban bilen geçirlen 3 günlük maslahatdan soň Owganystanyň paýtagty Kabulda metbugata beýanat berdi

1090473
"Taliban bilen parahatçylyk meselesinde ylalaşyk gazanmagy umyt edýäris"

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad, Owganystanda 2019-njy ýylyň 20-njy aprelinde geçiriljek ýerli saýlawlara çenli Taliban bilen parahatçylyk meselesinde ylalaşyk gazanmagy umyt edýändiklerini aýtdy.

Halilzad parahatçylyk gepleşikleriniň çäginde Katarda Taliban bilen geçirlen 3 günlük maslahatdan soň Owganystanyň paýtagty Kabulda metbugata beýanat berdi.

“Owganystanda 2019-njy ýylyň 20-njy aprelinde geçiriljek ýerli saýlawlara çenli parahatçylyk meselesinde ylalaşyk gazanmagy umyt edýäris. Degişli taraplar bilen gepleşik geçirýärin”diýen Zalmaý Halilzad, Owganystanyň hökümetiniň parahatçylygyň üpjün edilmegini isleýändigine ünsi çekdi.

Owganystanyň ozalky Prezident Hamid Kerzeý döwründe owgan hökümeti bilen Talibanyň arasyndaky gepleşikleriň Kataryň paýtagty Dogada 2013-nji ýylyň iýun aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýärdi. Emma Talibanyň ofisine “Owganystan Yslam Emirligi” ýazgysy bilen baýdagyny asmagy sebäpli owgan hökümeti gepleşiklerden ýüz öwrüpdi.

 



Degişli Habarlar