Makron: “Ýewropa garaşsyz bolmaly”

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Ýewropanyň geljekde dünýäde sözüniň geçmegi üçin has garaşsyz bolmalydygyny aýtdy

1090316
Makron: “Ýewropa garaşsyz bolmaly”

Prezident Makron Germaniýanyň Federal Mejlisinde 1-nji Jahan urşunda pida bolanlary hatyralama dabarasynda sözlän sözünde, Ýewropanyň we esasanda Germaniýa bilen Fransiýanyň dünýäniň durnuklylygy üçin aýratyn borjunyň bardygyny beýan etdi.

“Ýewropa has güýçli bolmaly we has-da garaşsyzlaşmaly” diýen Makron, Ýewropanyň öz goranyşy hem-de howpsyzlygy üçin jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrmalydygyny we has giň Ýewropa özygtyýarlylygynyň gerekdigini nygtady.

Makron: “Bu göreşde üstün çykylyp bilinmedi, bu göreşde asla üstün çykylyp bilinmedi” diýmek bilen, Germaniýany täze milletparazlyk döwrüne garşy Ýewropany has işjeň tagalla etmäge çagyrdy.

Howa çalşygyna, söwda çaknyşyklaryna we beýleki howplara garşy bilelikde göreşilmelidigine ünsi çeken Makron, onuň Ýewropanyň öňündäki esasy borçlardan biridigini nygtady.

Makron Germaniýanyň “milletparazlygyň gana suwsan şeýtanlarynyň” hötdesinden gelendigini belläp; “Fransiýanyň şol göreşde berk pozisiýa eýeländigi üçin buýsanýaryn” diýdi.



Degişli Habarlar