"Biz heniz PÝD-ni terror guramasy hökmünde ykrar etmedik"

ABŞ-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili ilçi Jeýms Jeffri PÝD-niň, PKK-niň bir bölegidigini emma “terror guramasy hökmünde ykrar etmeýändiklerini” aýtdy

1088991
"Biz heniz PÝD-ni terror guramasy hökmünde ykrar etmedik"

ABŞ-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili ilçi Jeýms Jeffri, ABŞ-nyň Siriýadaky hyzmatdaşy PÝD-niň, ekstremist terror guramasy PKK-niň bir bölegidigini emma “terror guramasy hökmünde ykrar etmeýändiklerini” aýtdy.

Jeffri ýyllyk goranyş maslahatynda eden çykyşynda, ABŞ-nyň  ekstremist terror guramasy PÝD/ÝPG/PKK bilen bolan arabaglanşygy hakynda maglumat berdi.

ABŞ-nyň Siriýa boýunça ýörite wekiliniň Siriýa meselesinde hem Türkiýe bilen hem-de PÝD/ÝPG/PKK bilen şol bir wagtda işleşmelikleri hakyndaky beýanaty ünsleri özüne çekdi.

Jeffri, Türkiýäniň, Siriýa demokratik güýçler  SDG adyny ulanýan PÝD/ÝPG-ni “PKK-nyň Siriýadaky bölümi” hökmünde görýändigi we bu ýagdaýda hem Türkiýe bilen hem-de gurama bilen nähili ýagdaýda işleşýändikleri hakyndaky soraga “Bu diýseň kyn. Sebäbi Türkiýe bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmedik bolsadyk, Siriýada häzirki sepgide ýetip bilmezdik, emma ýerli hyzmatdaş bolmazdan hem ýurduň demirgazyk gündogarynda iş alyp baryp bilmezdik we DAIŞ-e garşy göreşip bilmezdik. Şol ýerli hyzmatdaş 2014-nji ýyldan bäri PKK-nyň Siriýadaky bölegi.  Biz PKK-ny terror guramasy hökmünde ykrar etdik, emma PÝD-ny ykrar etmedik. Bu mesele Türkiýäni aladalandyrýar emma biz heniz PÝD-ny terror guramasy hökmünde ykrar etmedik”diýip jogap berdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar