Donald Tramp, Fransiýanyň Prezidentiniň Ýewropa goşuny baradaky pikirini tankyt etdi

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň orta atan Ýewropa goşuny bilen bagly pikirini tankyt etdi

1087534
Donald Tramp, Fransiýanyň Prezidentiniň Ýewropa goşuny baradaky pikirini tankyt etdi

Donald Tramp: “I we II Jahan urşlarynda Ýewropa hüjüm eden Germaniýa bolupdy. Fransiýa şol wagt näme işleýärdi? ABŞ halas ediji hökmünde gelmeden ozal, Parižde nemes dilini öwrenmäge başlapdy. Ýa NATO tölärsiňiz ýa-da tölemersiňiz!” diýip nygtady.

Tramp özüniň Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň orta atan Ýewropa goşuny bilen bagly teklibine jogap berdi.

Tramp: “Emmanuel Makron, Ýewropanyň ABŞ, Hytaý we Russiýa ýaly ýurtlardan goranmak üçin öz goşunyny döretmelidigini belleýär. Emma I we II Jahan urşlarynda Ýewropa hüjüm eden Germaniýa bolupdy. Fransiýa şol wagt näme işleýärdi? ABŞ halas ediji hökmünde gelmeden ozal, Parižde nemes dilini öwrenmäge başlapdy. Ýa NATO tölärsiňiz ýa-da tölemersiňiz!” diýip belledi.

Tramp, bu beýanatyndan soň beren beýanatlarynda bolsa, Makronyň ýurdunda halk tarapyndan has az goldaw almaga başlandygyny belläp, şol sebäpli adamlaryň ünsüni başga tarapa sowmak üçin bu pikiri orta atandygyny beýan etdi.

Tramp: “Emmanueliň meselesi şundan ybarat: Fransiýada indi halkyň diňe 26 göteriminiň goldawyny alýar. Işsiz adamlaryň sany bolsa 10 göterim. Etmek islän zady meseläni başga ýana sowmakdan ybarat” diýip habar berdi.

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, fransuz halky üçin bolsa: “Beýleki tarapdan Fransiýadan has milletçi bir ýurt ýok. Örän namysjaň ýurt, şeýle etmeklerem dogry zat” diýdi.

Trampyň beýanatyny Fransiýa uýgunlaşdyryp: “Fransiýany ýaňadandan beýik edeliň!” şygary bilen tamamlamagy ünsleri özüne çekdi.


Etiketkalar: #Donald Tramp , #Fransiýa

Degişli Habarlar