Putin Netanýahu bilen duşuşdy

Putin bilen Netanýahunyň duşuşygy hakynda maglumat berilmedi

1085817
Putin Netanýahu bilen duşuşdy

I jahan urşunynyň tamamlanmagynyň 100 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Fransiýa baran Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin paýtagt Parižde Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahu bilen duşuşdy.

Putin -Netanýahu duşuşygy sentýabr aýynda Siriýada rus harby uçarynyň urlup düşürilmegi sebäpli başdan geçirlen Tel-Awiw-Moskwa dartgynlygyndan soň geçirlen ilkinji özara duşuşyk boldy.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň Elysee köşgünde çärelere gatnaşan dünýä liderleriniň hormatyna beren günorta naharynda söhbedeş bolan Putin bilen Netanýahunyň duşuşygy hakynda maglumat berilmedi.

Beýleki tarapdan Ysraýylyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlara görä, Netanýahu, Parižde metbugata beren beýanatynda Putin bilen geçiren özara duşuşygynyň netijeli geçendigini nygtady.

Russiýa degişli Il-20 kysymly harby uçaryň 17-nji sentýabrda Siriýada Asada tabynlykdaky güýçlere degişli S-200 howa goranyş ulgamy tarapyndan urlup düşürilmeginden soň Tel-Awiw bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklar dartgynlaşypdy.

 



Degişli Habarlar