Fransiýada Parahatçylyk ylalaşygynyň 100 ýyllygy mynasybetli hatyralama çäresi geçirildi

I Jahan urşyny resmi ýagdaýda bitiren Parahatçylyk ylalaşygynyň 100-nji ýyllygy bilen bagly Fransiýanyň paýtagty Parižde hatyralama çäresi geçirildi.

1085655
Fransiýada Parahatçylyk ylalaşygynyň 100 ýyllygy mynasybetli hatyralama çäresi geçirildi
fransa anma toreni3.jpg
fransa anma toreni2.jpg
fransa anma toreni1.jpg

Aralarynda Prezident Rejep Taýýip Erdogan hem bolan 80 ýurdyň döwlet, hökümet baştutanlary we halkara guramalaryň başlyklary Ýelizeý köşgünde Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron tarapyndan garşylandy.

Erdogan we liderler, ondan soň bolsa Triumfal arkadan ýöräp geçdiler.

Liderler Prezidentler tribunyndaky ýerlerine geçip, hatyralama çäresine gatnaşdylar.

Prezident Erdogana aýaly Emine Erdogan ýoldaşlyk etdi.

Erdogan, Ýelizeý köşgünde Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron tarapyndan ýurtlaryň döwlet, hökümet baştutanlarynyň we halkara guramalaryň başlyklarynyň hormadyna berjek günortan naharyna hem gatnaşar.



Degişli Habarlar