Tramp: “Nebitiň bahalarynyň gymmatlamagyny islemeýärin”

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, Eýranyň nebit söwdasyna garşy sanksiýalary belli bir aralyklara bölüp, girizjekdigini habar berdi

1082246
Tramp: “Nebitiň bahalarynyň gymmatlamagyny islemeýärin”

Ak Tamyň howlusynda Eýrana garşy girizilen sanksiýalaryň üstünde durup geçen Tramp, sanksiýalaryň tümi bilen Eýranyň nebit eksportyny biri-birinden aýry görýändigini beýan etdi.

Eýrana garşy örän güýçli we berk pozisiýa eýeländiklerini aýdan Tramp: “Eýrana garşy şu günki güne çenli iň güýçli sanksiýalary girizdik, emma nebit meselesi babatynda biraz ýuwaş gitmek isleýäris, sebäbi dünýäde nebitiň bahalarynyň gymmatlamagyny islemeýärin” diýip belledi.

Nebitiň bahalary babatynda ABŞ-niň seresap syýasat alyp barjakdygyny aýdan Tramp: “Onuň Eýran bilen bir arabaglanşygy ýok, Eýranyň nebit eksportyny dolulygynda aýyryp bilerin, emma ol wagt bazarlarada durnuksyzlyk emele geler. Nebitiň bahalarynyň gymmatlamagyny islemeýärin” diýip nygtady.

ABŞ düýn 2015-nji ýylda gazanylan ýadro ylalaşygy bilen ortadan aýrylan Eýrana garşy kabul eden sanksiýalarynyň 2-nji etabyny güýje girizipdi.
 


Etiketkalar: #Donald Tramp , #nebit , #baha

Degişli Habarlar