"Kaşykçynyň jesediniň ýeri anyklanylmaly we jaýlanmagy üçin maşgalasyna berilmeli"

ABŞ Jemal Kaşykçynyň jesediniň ýeriniň anyklanylmagy we jaýlanmagy üçin maşgalasyna berilmelidigini mälim etdi

1080114
"Kaşykçynyň jesediniň ýeri anyklanylmaly we jaýlanmagy üçin maşgalasyna berilmeli"

ABŞ saudy žurnalist Jemal Kaşykçynyň jesediniň ýeriniň anyklanylmagy we jaýlanmagy üçin maşgalasyna berilmelidigini mälim etdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy tarapyndan Jemal Kaşykçy jenaýaty barada berlen beýanatda, saudy žurnalisti öldürenler bilen birlikde jenaýat bilen arabaglanşykly ähli adamlaryň wakadan jogapkärdigi nygtaldy.

Stambulyň Ýokary Prokuruturasy öňňin, 2-nji oktýabrda resmi işleri üçin Saud Arabystanynyň Stambul şäherindäki Başkonsullygyna giden Kaşykçynyň konsullyga giren badyna bogulyp öldürlendigini we jesediniň böleklenip ýok edilendigini mälim edipdi.

 

 

 



Degişli Habarlar