BMG Saud Arabystanyna Kaşykçy meselesi boýunça çagyryş etdi

BMG Saud Arabystanyna žurnalist Jemal Kaşykçynyň öldürilmegi boýunça alynyp barylýan derňew işine halkara garaşsyz hünärmenleriň hem degişli edilmegi barada çagyryş etdi

1078627
BMG Saud Arabystanyna Kaşykçy meselesi boýunça çagyryş etdi

BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissary Mişel Baçeletiň beren beýanatda saudy resmileriniň Kaşykçynyň jesediniň nirededigini aýtmagyny hem islendi.

Baçelet ýazmaça beýanatynda saudy žurnalisti Kaşykçy jenaýaty üçin “şok ediji gödek jenaýat” diýipdi.

Kaşykçynyň öldürilmeginiň garaşsyz we bitarap häsýetde derňelmelidigini nygtan Baçelet, günäkärleriň hasabat bermelidigini beýan etdi.

Baçelet derňew işiniň “syýasy aladalardan saplanmagy üçin” halkara hünärmenleriň hem deliller bilen tanyşmagynyň we şaýatlary sorag etmeginiň möhümdigini nygtap; “Türk wa saudy edaralarynyň Kaşykçy jenaýatynda ady agzalýan raýatlaryň sorag edilmegi, derňelmegi boýunça alyp barýan başlangyçlary kanagatlandyryjy” diýdi.

Jemal Kaşykçy 2-nji oktýabrda Saud Arabystanynyň Stambuldaky Başkonsullygyna resmi iş bilen barypdy we ol ýerde Saud Arabystanyndan ýörite gelen ganhor topar tarapyndan öldürilendigi anyklanypdy.



Degişli Habarlar