Putin Ýewropa berk duýduryş berdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Ýewropa goşmaça raketa ornaşdyrylan halatynda oňa degişli žogaby beržekdiklerini aýtdy

1075316
Putin Ýewropa berk duýduryş berdi

Putin İtaliýanyň Premýer ministri Žuzeppe Konte bilen geçiren duşuşygyndan soň guralan metbugat ýygnagynda žurnalistleriň ABŞ-nyň Orta Diapazonly Ýadro güýçler ylalaşygyndan çekilmek baradaky karary bilen bagly soraglara žogap berdi.

Ozal Anti Ballistiki Raketa Ulgamy Ylalaşygynyň, indi bolsa Orta Aralykly Ýadro Güýçler Ylalaşygynyň ortadan aýrylmagyna alada bildiren Putin: “Bular ortadan aýrylandan soň ýaragsyzlanmanyň ýaýbaňlanmagynyň öňüni alžak zat galmaz. Eger şeýle bolan halatynda iňňän uly howp emele geler. Ýarag bäsleşiginden başga zat galmaz” diýdi.

“ABŞ ylalaşykdan çekilen halatynda Ýewropanyň näme etžekdigi” soragynyň ýüze çykandygyny beýan eden Putin; “Esasy sorag: Bu täze çykan raketalar bilen Ýewropa näme eder? Bu raketalar eger Ýewropa gowşurylan halatynda biz hem žogap bermeli bolarys. Ony kabul eden Ýewropa ýurtlary özlerini howpa itýändigine düşünmeli bolar. Ol iňňän açyk” diýdi.

Putin ABŞ-nyň Orta Aralykly Ýadro Güýçler Ylalaşygynyň düzgünleriniň Russiýa tarapyndan bozulandygy boýunça haýsydyr bir delil görkezip bilmändigine ünsi çekdi.



Degişli Habarlar