“Saud Arabystany ABŞ-dan birugsat Kaşykçyny öldürip bilmez”

Kaşykçy jenaýaty ABŞ, Ýewropa we beýleki ýurtlar üçin adam hukuklary meselesinde uly synag

1074745
“Saud Arabystany ABŞ-dan birugsat Kaşykçyny öldürip bilmez”

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani Saud Arabystanynyň ABŞ-dan birugsat saudy žurnalist Jemal Kaşykçyny öldürip bilmejekdigini öňe sürdi.

Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Prezident Ruhani Ministrler kabinetiniň mejlisinde eden çykyşynda Kaşykçy jenaýatyny “deňi taýy görülmedik wagşylarça edilen jenaýat” hökmünde häsiýetlendirdi.

Ruhani “ABŞ-dan birugsat hiçbir ýurt şeýle jenaýat edip bilmez” diýdi.

Türk hökümetine jenaýatyň ähli taraplaýyn öwrenilmegi çagyryşyny beren Ruhani “Hiç kim döwrümizde şeýle guramaçylykly jenaýata şaýatlyk etjekdigi barada pikir hem etmeýärdi” diýdi.

Ruhany Kaşykçy jenaýatynyň ABŞ, Ýewropa we beýleki ýurtlar üçin adam hukuklary meselesinde uly synagdygyny belledi.

Waşington Post gazetiniň žurnalisti Saud Arabystanynyň raýaty Jemal Kaşykçy 2018-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Saud Arabystanynyň Stambul şäherindäki Başkonsullygyna girenden soň dereksiz ýitipdi.

Saudy hökümeti 20-njy oktýabrda bolsa Kaşykçynyň konsullykda bolan gowgada ýogalandygyny ykrar edipdi.

 



Degişli Habarlar