Owganystanda NATO-nyň hatarynda gulluk edýän 1 esger ýogaldy

Owganystanyň günbatarynda ýerleşýän Gerat welaýatynda  guralan ýaragly hüjümde NATO-nyň hatarynda gulluk edýän 1 esger ýogaldy

1073784
Owganystanda NATO-nyň hatarynda gulluk edýän 1 esger ýogaldy

Owganystandaky NATO güýçlerinden berlen beýanatda, NATO esgerleriniň Gerat welaýatynda owgan howpsyzlyk işgäriniň ýaragly hüjümine sezewar bolandygy nygtaldy.

Beýanatda hüjümde NATO-nyň hatarynda gulluk edýän 1 esgeriň ýogalandygy, 2 esgeriň ýaralanandygy nygtaldy.

Beýanatda ýogalan we ýaralanan esgerleriň şahsyýeti barada bolsa maglumat berilmedi.

Taliban, hüjümiň gurama bilen arabaglanşykly howpsyzlyk işgäri tarapyndan guralandygyny mälim etdi.

 

 


Etiketkalar: #Owganystan , #NATO , #Taliban

Degişli Habarlar