“Kaşykçynyň ýogalmagy wakasyna alada bildirýäris”

ÝB Jemal Kaşykçynyň öldürilmegi meselesinde giň gerimli we aç-açan derňew işiniň geçirilmegini isledi

1072664
“Kaşykçynyň ýogalmagy wakasyna alada bildirýäris”

 

ÝB  saudy žurnalist Jemal Kaşykçynyň öldürilmegi meselesinde giň gerimli we aç-açan derňew işiniň geçirilmegini isledi.

ÝB-niň Daşary işlerden we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Federika Mogherini mesele barada beren ýazmaça beýanatynda Ýewropada birnäçe ýurt we gurama bilen ýakyndan gatnaşyk edýän saudy žurnalist Kaşykçynyň ýogalmagyna çuňňur gynanç bildirýändigini mälim etdi.

ÝB-niň dünýädäki ähli žurnalistleriň goralmagy we metbugat azatlygy meselesinde tutanýerli tutum alyp barýandygyny aýdan Mogherini “Kaşykçynyň ýogalmagy wakasy we 1963-nji ýyldaky Wena konsullyk şertnamasynyň basgylanmagyna alada bildirýäris” diýdi.

Mogherini wakanyň esasan 1963-nji ýyldaky Wena konsullyk şertnamasynyň “konsullygyň ýerleşýän ýurdunyň kanunlaryna we düzgünlerine sarpa goýulmagyny göz öňünde tutýan 55-nji maddasyny basgylandygyny ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar