Donald Tramp: “Kaşykça edilenler kabul edilmez”

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, saud arabystanly žurnalist Jemal Kaşykça edilenleriň kabul edilmejekdigini beýan etdi

1072373
Donald Tramp: “Kaşykça edilenler kabul edilmez”

Saud Arabystanynyň hökümeti, 2-nji oktýabrda Stambuldaky Başkonsullyga gireninden soň, dereksiz ýiten Kaşykçynyň konsullyk binasynda bolan gowganyň netijesinde ölendigini habar beripdi.

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, ýurdyň Arizona ştatynda Kaşykçy barada metbugat işgärlerine beýanat berdi. Donald Tramp: “Kaşykça edilenler kabul edilmez” diýdi.

Saud Arabystanynyň beýanatyny ilkinji uly ädim hökmünde häsýetlendiren Tramp: “Emma öz derňewlerimiz entek tamamlanmady. Häzirki wagtda netijesini aýtmak entek ir” diýdi.

Resmi Riýadyň beýanatynyň ynandyryjydygyny aýdan Tramp: “Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy bilen duşuşyk geçirerin. Saud Arabystanynyň hökümetiniň ýalan sözleýändigine ynanmaýaryn. Saud Arabystanyna soraglarymyz bolar. Bu meseledi Kongres bilen bilelikde işleşeris” diýip belledi.

Donald Tramp, Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Selman bilen duşuşanyndan soň gutarnykly kararlaryny beýan etjekdiklerini habar berdi.

Tramp mundan başgada resmi Riýadyň Kaşykçynyň öldürilmegi bilen bagly göz tussaglyklarynyň örän möhümdigini nygtady.

ABŞ bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky 110 milliard dollarlyk ýarag ylalaşygy bilen bagly soraga Tramp, ady agzalan ylalaşygy goramak isleýändigini habar berdi.

Tramp, onuň ýerine Saud Arabystanyna bir görnüş sanksiýa girizmegi saýlap biljekdigini belledi.

Tramp, ABŞ-niň Eýrana garşy deňagramlylyk üçin Saud Arabystanyna mätäçlikleriniň bardygyny beýan etdi.

Saud Arabystanynyň geçirýän derňew işiniň ynamly bolup-bolmandygy baradaky soraga Tramp: “Bu etaba biz hem gözegçilik etdik, Türkiýe hem gözegçilik etdi. Bu örän elhenç zat we gözümizden sypan zat bolmaz” diýip jogap berdi.

Beýleki tarapdan Ak Tamda Kaşykçynyň ykbalynyň aýan bolmagyndan soň gynanç ýüzlenmesi çap edildi.

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, Kaşykçynyň öldürilmegi bilen baglanşykly resmi Riýadyň beýanatynyň ynandyryjydygyny aýdan hem bolsa Senat we Wekiller mejlisiniň öňdebaryjy adamlary beýanata şübheli garadylar.

Käbir senatorlar Trampa, Magnitskiý kanunynyň çäginde derňelmegi barada çagyryş berdiler.



Degişli Habarlar