Interpol 93 ýurtda 56 tonnadan gowrak neşe maddasyny ele saldy

Halkara Polis guramasynyň (İnterpol) 93 ýurtda geçiren operasiýasynda 56 tonnadan gowrak neşe maddasy ele salyndy, 1300 adam saklandy

1071269
Interpol 93 ýurtda 56 tonnadan gowrak neşe maddasyny ele saldy

İnterpoldan berilen beýannamada 17-nji sentýabr bilen 8-nji otýabryň aralygynda “Lionfiş” ady bilen dünýä derejesinde operasiýa geçirendigi mälim edildi.

Beýannamada 93 ýurtda geçirilen operasiýada 35 tonna kokainiň, 5 tonna eroiniň, 15 tonna buýmanyň, 430 müň sany kaptagonyň we 18 million sany “Ýaba” atlandyrylýan sintetiki neşe maddasynyň ele salynandygy habar berildi.

Operasiýalarda 1300 adamyň ele salynandygy, Gollandiýada sintetiki neşe maddasyny öndürýän gizlin öýüň ýüze çykarylandygy nygtaldy.

Dünýä derejesinde bikanun neşe söwdasyna garşy alynyp barylýan göreşiň çäginde geçirilen ilkinji operasiýa bolan “Lionfişiň” Gazagystan, Kolumbiýa, Rumyniýa, Zimbabwe we Singapur ýaly bäş merkezden utgaşdyrylandygy habar berildi.



Degişli Habarlar