ABŞ-niň Döwlet sekretary Saud Arabystanyna bardy

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministrligi, ABŞ-niň Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň, žurnalist Jemal Kaşykçy wakasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin paýtagt Riýada gelendigini habar berdi

1069695
ABŞ-niň Döwlet sekretary Saud Arabystanyna bardy

Maýk Pompeo, Riýatda Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Adil El-Jubeýr we Saud Arabystanynyň Waşingtondaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Şazada Halid Bin Selman Bin Abdulaziz tarapyndan garşylandy.
Ministrlik Maýk Pompeonyň saud arabystanly kärdeşi Jubeýr bilen düşen suratyny paýlaşdy.

Gepleşikleriň jikme-jikligi barada bolsa maglumat berilmedi.

Saud Arabystanynyň Şasy Selman bilen hem duşuşan Maýk Pompeonyň ertir paýtagt Ankara gelmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar