"Ysraýyl-Palestina parahatçylyk gepleşikleri ýaňadandan başlamaly"

Iordan Şasy Abdullah Ysraýylyň oppozisiadaky Işçi partiýasynyň lideri Awi Gabbaýi kabul etdi

1065266
"Ysraýyl-Palestina parahatçylyk gepleşikleri ýaňadandan başlamaly"

 

Iordan Şasy Abdullah 2-nji 1967-nji ýylda kesgitlenen serhetlere laýyklykda garaşsyz Palestina döwletiniň gurulmagy üçin Ysraýyl-Palestina parahatçylyk gepleşikleriniň ýaňadandan başlamalydygyny nygtady.

Iordan Şasy Abdullah Ysraýylyň oppozisiadaky Işçi partiýasynyň lideri Awi Gabbaýi kabul etdi.

Kabul edilşikde Ysraýyl-Palestina parahatçylyk gepleşikleriniň seljerlendigi nygtaldy.

Kabul edilşik barada berlen beýanata görä, Şa Abdullah 1967-nji ýylda kesgitlenen serhetlere laýyklykda garaşsyz Palestina döwletiniň gurulmagy üçin Ysraýyl-Palestina parahatçylyk gepleşikleriniň ýaňadandan başlamalydygyny aýratyn belledi.

Garaşsyz Palestina döwletiniň paýtagtynyň Gündogar Iýerusalym bolmalydygyny aýdan Şa Abdullah, Iýerusalum meselesiniň iki döwletli çözgüde laýyklykda çözülmelidigini ýatlatdy.

Ysraýylly syýasatçy Gabbaý hem Iordaniýa bilen Ysraýylyň arasyndaky parahatçylyk şertnamasynyň ähmiýetine ünsi çekdi we Şa Abdullahyň sebitde durnuklylygyň güýçlendirilmegi üçin edýän tagallasyny takdyr edýändiklerini aýtdy.

Gabbaý iki döwletli çözgüdiň Ysraýyl bilen Arap ýurtlarynyň arasynda parahatçylygyň üpjün edilmegine baglydygyny we munyň Ysraýylyň uzak möhletde howpsyzlygy üçin möhümdigini belledi.



Degişli Habarlar