"Türkiýäniň gözegçiliginde agyr ýaraglar Idlibden çykarylýar”

Siriýaly harby oppozisionerler Idlibdäki agyr ýaraglaryny front liniýasyndan çekýär

1063763
"Türkiýäniň gözegçiliginde agyr ýaraglar Idlibden çykarylýar”

Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda Soçide gazanylan ylalaşygyň çäginde siriýaly harby oppozisionerler Idlibdäki agyr ýaraglaryny front liniýasyndan çekýär.

Azat Siriýa goşunynyň çäginde iş alyp barýan Siriýa milli erkinleşdiriş frontynyň metbugat sekretary Naji Mustafa harby oppozisionerleriň Soçi ylalaşygynyň çäginde Idlibdäki front liniýasyndan agyr ýaraglaryny çekmäge başlandygyny aýtdy.

Asada tabynlykdaky güýçleriň hüjüm ähtimallygyna garşy front liniýasynda diňe ýeňil ýaraglaryň galjakdygyny nygtan Musafa “Türkiýäniň gözegçiliginde agyr ýaraglar Idlibden çykarylýar”diýdi.

Prezident R. T. Erdoganyň Eýranyň paýtagty Tähranda 7-nji sentýabrda geçirlen üçtaraplaýyn maslahatda beren teklibine laýyklykda Prezident Erdogan bilen rus lideri Putin 17-nji sentýabrda Russiýanyň Soçi şäherinde Idlibde çaknyşyksyz zolagyň döredilmegi üçin görüljek goşmaça çäreler meselesinde ylalaşyk gazanypdy.

Ylalaşyk 15-nji oktýabra çenli 15-20 kilometrlik liniýada ýaragsyz zolagyň döredilmegini we ýaragsyz zolagyň Türkiýeli we Russiýaly esgerler tarapyndan gözegçilik astyna alynmagyny göz öňünde tutýar.

Ylalaşyk şeýle hem harby oppozisionerleriň, Tahrir Damask toparynyň, Asada tabynlykdaky güýçleriň we oňa goldaw berýän daşary ýurtly terrorçy toparlarynyň front liniýasyndan agyr ýaraglaryny çykarmagyny hem öz içine alýar.



Degişli Habarlar