Eýranyň Wise-prezidenti ýurdunda başdan geçirilýän meseleler sebäpli ötünç sorady

Eýranyň Wise-prezidenti Ishak Jihangiri ýurdunda başdan geçirilýän meseleler sebäpli halkdan ötünç sorady

1060669
Eýranyň Wise-prezidenti ýurdunda başdan geçirilýän meseleler sebäpli ötünç sorady

ISNA-nyň berýän habaryna görä, paýtagt Tähranda ýurtda 1700 mekdebiň açylyş bilen bagly geçirilen dabarada çykyş eden Ishak Jihangiri: “Ýurda garşy psihologik basyş edilýär. Käbirleri bolsa bu basyşdan peýdalanmaga synanyşýar. Käbir kemçilikler we meseleler sebäpli milletimizden ötünç soraýaryn” diýdi.

Eýranda halkyň hal-ýagdaýynyň kynlaşandygyny kabul edýändigini aýdan Jihangiri, bu kynçylyklaryň bir böleginiň ABŞ-niň sanksiýalary sebäpli başdan geçirilýändigini habar berdi.

Reformistlere ýakynlygy bilen tanalýan Jihangiri, ýurtda başdan geçirilýän meseleleriň käbirleriniň bolsa dogry meýilnama taýýarlanmaýanlygndan gözbaş alýandygyny belläp, dogry meýilnamalar taýýarlanan halatynda meseleleriň çözülip bilinjekdigini nygtady.  

Ykdysady kynçylyklaryň sosial meselelere öwrülen Eýranda ýolbaşçylar başdan geçirilýän krizisiň jogapkäriniň başda ABŞ bolmak bilen Günbatar ýurtlardygyny öňe sürýärler.


Etiketkalar: #Eýran , #Ishak Jihangiri

Degişli Habarlar