Eýranyň Ynkylap goragçylary Siriýa raketa hüjümini gurady

Eýranyň döwlet telewideniýesiniň berýän habaryna görä, Ynkylap goragçylary tarapyndan guralan raketa hüjüminde Siriýanyň Deýrizor şaheriniň Albu Kemal etraby nyşana alyndy

1059625
Eýranyň Ynkylap goragçylary Siriýa raketa hüjümini gurady

Beýanatda etraba näçe raketa atylandygy hakynda maglumat berilmedi we hüjümiň Eýranyň Ahwaz şäherinde guralan hüjümiň aryny almak üçin DAİŞ-e garşy guralandygy nygtaldy.

Fars habarlar gullugyna göra, ýerli wagt bilen 02.00-da Eýranyň günbatarynda ýerleşýän Kermanşah şäherinden 750 kilometr menzilli “Zülfikar” we 800 kilometr menzilli “Kyýam” raketalarynyň atylandygyny habar berdi.

Eýranyň günorta günbatarynda ýerleşýän Huzistan welaýatynyň Ahwaz şäherinde 22-nji sentýabrda Eýran-Yrak urşunyň 38 ýyllygy mynasibetli geçirlen harby çäräni nyşana alan terrorçylykly hüjümde 25 adam ýogalypdy, 69 adam ýaralanypdy.

 

 


Etiketkalar: #Eýran , #Siriýa , #beýanat

Degişli Habarlar