Owganystanda harby dikuçar ýere gaçdy

Owganystanyň paýtagty Kabulyň golaýyndaky Perwan welaýatynda Owganystanyň ýörüteleşdirilen harby güýçlerini daşaýan dikuçar heläkçilige uçrady

1059333
Owganystanda harby dikuçar ýere gaçdy

Perwan welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat geňeşçisi Wahide Şahkar, Owganystanyň ýörüteleşdirilen harby güýçlerini daşaýan dikuçaryň, Perwan welaýatynyň Koh Safi etrabynyň Mandi Kul obasyna gaçandygyny habar berdi.

Dikuçar heläkçiliginde dikuçardaky harby we polisiýa işgärlerinden ybarat 8 howpsyzlyk gullukçysynyň näçesiniň ýogalandygy ýa-da ýaralanandygy barada anyk maglumatlarynyň bolmandygyny aýdan Şahkar, dikuçaryň tehniki näsazlyk sebäpli ýere gaçandygyny mälim etdi.

Taliban bolsa dikuçaryň gurama tarapyndan ýere gaçyrylandygyny öňe sürdi.

Takmynan 2 hepde ozal hem ýurdyň günbataryndaky Farah welaýatynda bir dikuçar ýere gaçypdy.


Etiketkalar: #Owganystan , #dikuçar , #Taliban

Degişli Habarlar