Eýranda bikanun ýollar bilen öndürilen spirtli içgi sebäpli 10 adam ýogaldy

Kereç şäherinde-de 11-nji sentýabrda 3 adam bikanun alkogolly içgi sebäpli ýogalypdy

1058422
Eýranda bikanun ýollar bilen öndürilen spirtli içgi sebäpli 10 adam ýogaldy

Eýranyň günortasyndaky Hurmuzgan welaýatynyň Bender Abbas şäherinde bikanun spirtli içgiden zäherlenen 118 adamdan 10 sanysy ýogaldy

Hurmuzgan welaýatynyň Lukmançylyk fakultetiniň İlat bilen gatnaşyklar bölüminiň müdiri Fatma Wewruziýan 118 adamyň alkogol zäherlenmesi sebäpli hassahana getirilendigini aýtdy.

Zäherlenenlerden 10 adamyň ýogalandygy aýdan Newruziýan, käbirleriniň ýagdaýynyň agyrdygyny habar berdi.

Musulman raýatlar üçin alkogol satuwy gadagan bolan Eýranda alkogolly içgiler ýurda bikanun ýollardan getirilýär, belli bir bölegi bolsa öýlerde we bikanun ussahanalarda öndürilýär.

Alburz welaýatynyň Kereç şäherinde-de 11-nji sentýabrda 3 adam bikanun alkogolly içgi sebäpli ýogalypdy.


Etiketkalar: #Eýran , #içgi , #zäherlenmek

Degişli Habarlar