Katar 2021-nji ýylda dünýäniň çar tarapynda 1 million gyzyň bilim almagyny üpjün eder

Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamed Al Sani 2021-nji ýylda dünýäniň çar tarapynda 1 million gyzyň bilim almagyny üpjün etjekdiklerini aýtdy

1056887
Katar 2021-nji ýylda dünýäniň çar tarapynda 1 million gyzyň bilim almagyny üpjün eder

Kataryň Emiri BMG-nyň Nýu-Ýork şäherindäki merkezinde Kanadanyň Premýer ministri Trudeaunyň ýolbaşçylygynda çaknyşyk şertlerinde gyzlaryň bilim almagy üçin “Liderler dialogy” ady bilen tegelek stoluň başynda geçirlen maslahata gatnaşdy.

Kataryň Emiri maslahatda eden çykyşynda ýurduň içinde we daşary ýurtlarda bilime uly ähmiýet berýändiklerini belledi.

Kataryň “Bir çagany okat” şygary bilen mekdebe gidip bilmeýän 10 million çaga bilim almaklary üçin ýardam berendigini aýdan Emir Temim, ýurdunuň 2021-nji ýylda dünýäniň çar tarapynda ýene-de 1 million gyzyň bilim almagyny üpjün etjekdiklerini aýratyn belledi.

Tegelek stoluň başyndaky maslahata gatnaşan liderler gyzlara we zenanlara bilim almaklary üçin amatly şertiň döredilmegi üçin görüljek çäreleri ara alyp maslahatlaşdy.

 

 


Etiketkalar: #Katar , #gyz , #çaga , #bilim

Degişli Habarlar