"Fransiýa Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky Idlib ylalaşygyndan hoşal"

Le Drian BMG-da metbugata beýanat berdi

1056119
"Fransiýa Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky Idlib ylalaşygyndan hoşal"

Fransiýanyň Daşary işler ministri Le Drian Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda Siriýanyň Idlib welaýatynda ýaragsyz zolagyň döredilmegi meselesinde gazanylan ylalaşykdan hoşaldyklaryny nygtady.

Le Drian BMG-da metbugata beren beýanatynda Ankara bilen Moskwanyň arasynda 17-nji sentýabrda Russiýanyň Soçi şäherinde gazanylan Idlib ylalaşygy hakynda garaýyş beýan etdi.

Fransuz ministr BMG-nyň şol ylalaşyga goldaw bermegini isleýändiklerini ýatlatdy.

Le Drian Siriýa krizisi çözülmän halatynda söweşiň uzak dowam edip biljekdigi barada duýduryş berdi

 

 



Degişli Habarlar