Russiýa Siriaýda ýere gaçan uçary bilen bagly derňew başlatdy

Russiýanyň hökümeti öňki gün ozal Siriaýda içinde 15 esger bolan IL-20 uçarynyň ýere gaçyrylmagy bilen bagly derňew başlatdy

1052839
Russiýa Siriaýda ýere gaçan uçary bilen bagly derňew başlatdy

Russiýanyň Derňew komitediniň metbugat geňeşçisi Swetlana Petrenko, Ysraýyla degişli uçarlaryň Siriýanyň howa goranyş ulgamlarynyň nyşana astyna alynmagy netijesinde içindäki 15 esger bilen birlikde ýere gaçan IL-20 uçary bilen baglanşykly derňew başladandyklaryny habar berdi. 

Metbugat işgärlerine beýanat beren Petrenko: "Russiýanyň Derňew komitediniň esasy harby derňew bölümi IL-20 uçarynyň ýere gaçyrylmagy bilen bagly derňew başlatdy" diýdi. 

Petrenko derňew we kriminologlaryň Russiýanyň Goranmak ministrliginiň resmileri bilen birlikde wakanyň bolan ýerinde derňew geçirendigini mälim etdi. 

 


Etiketkalar: #Russiýa , #derňew

Degişli Habarlar