Putin bilen Merkel Siriýa barada pikir alyşdy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen Siriýa barada pikir alyşdy

1052862
Putin bilen Merkel Siriýa barada pikir alyşdy

Kreml tarapyndan berlen beýanatda Putin bilen Merkeliň geçiren telefon söhbetdeşliginde Siriýa meselesiniň seljerlendigi nygtaldy.

Beýanatda Putiniň Soçide Prezident Erdogan bilen bolan duşuşygynda Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda “Idlibde ýaragsyz zolagyň döredilmegi” meselesinde gazanylan ylalaşyk hakynda Merkele maglumat berendigi bellenildi.

Putin bilen Merkel şeýle hem Ukraina krizisi bilen birlikde dünýä bazarlaryndaky soňky ýagdaý hakynda pikir alyşdy

 

 

 

 



Degişli Habarlar