Rus köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Erdogan bilen Putiniň gazanan ylalaşygynya oňyn garaýar

Rus köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Erdogan bilen Putiniň düýn Soçide bolan duşuşygyna oňyn garaýar

1051850
Rus köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Erdogan bilen Putiniň gazanan ylalaşygynya oňyn garaýar

Rus metbugatynda Prezident R. T. Erdogan bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Siriýanyň Idlib welaýatynda ýaragsyz zolagyň döredilmegi babatynda gazanan ylalaşygyny Siriýada parahatçylygyň üpjün edilmegi taýdan umytlandyryjydygy nygtaldy.

Rus köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Erdogan bilen Putiniň düýn Soçide bolan duşuşygyna oňyn garaýar.

“Wedomosti” gazeti “Erdogan bilen Putin Idlibde ýaragsyz zolak meselesinde ylalaşyk gazandy” söz başyly hababarynda 4 sagatdan gowrak dowam eden duşuşykda möhüm kararyň kabul edilendigini ýazdy.

Gazet “Siriýada ýaragly oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky soňky uly welaýata harby operasiýa guralmaz”diýip ýazýar.

“Idlibe harby operasiýa guralmaz” söz başysyny saýlap alan “Kommersant” gazeti karara laýyklykda Idlibe harby operasiýanyň guralmajakdygyna ünsi çekdi.

“Nezawisimaýa” gazeti bolsa Erdoganyň sebitde başdan geçirilýän kynçylyklaryň çözülmegi üçin tagalla edýändigini mälim etdi.

 



Degişli Habarlar