Eýranda bolan awtobus heläkçiliginde 19 adam ýogaldy

Heläkçilikde 27 adam ýaralandy

1051567
Eýranda bolan awtobus heläkçiliginde 19 adam ýogaldy

Döwlet telewideniýesiniň berýän habaryna görä, Tähran-Kirman saparyny amala aşyrýan awtobus, düýn gije İspihan welaýatynyň Kaşan we Netenz şäherleriniň arasynda ýangyç tankerine kakdy.

Dolulygyna ýanan awtobus heläkçiliginde 19 adamyň ýogalandygy, 27 adamyň ýaralanandygy nygtaldy.

Ýaralananlar Kaşan döwlet hassahanasynda bejergi astyna alyndy.

 



Degişli Habarlar