Ulagsyz günde üç adam ýaralandy

Heläkçilikde 78 ýaşyndaky welosiped sürüjisi Ilse Wan De Keere bilen awtobusdaky 2 adam ýaralandy

1050633
Ulagsyz günde üç adam ýaralandy

Belgiýada her ýylyň sentýabr aýynyň 3-nji ýekşenbesinde geçirilýän “Ulagsyz gün” çäresinde bu ýyl ulag heläkçiligi başdan geçirildi.

Diňe resmi we köpçülikleýin ulaglara rugsat berilýän “Ulagsyz günde” awtobuslaryň biri welosipedi süsdi.

Heläkçilikde 78 ýaşyndaky welosiped sürüjisi Ilse Wan De Keere bilen awtobusdaky 2 adam ýaralandy.

Hassahana alynyp gidilen Keereniň saglyk ýagdaýynyň agyrdygy mälim edildi.


Etiketkalar: #Belgiýa , #welosiped

Degişli Habarlar