Dünýäde her 5 sekuntdan bir çaga açlykdan ölýär

BMG-nyň Azyk we oba hojalyk düzüminiň, Bütindünýä azyk maksatnamasynyň, BMG-nyň Çagalara ýardam düzüminiň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň taýarlan “Dünýäde azyk howpsyzlygy we iýmitlenme şertleri “atly habarnamasy çap edildi

1047637
Dünýäde her 5 sekuntdan bir çaga açlykdan ölýär

BMG-nyň Azyk we oba hojalyk düzüminiň Rimdäki merkezinde geçirlen maslahatda habarnama barada maglumat beren BMG-nyň Azyk we oba hojalyk düzüminiň Baş sekretary Da Silwa dünýäde açlyga sezewar ynsanlaryň sanynyň üçünji gezek artandygyny nygtady we geçen ýyl 821 million adamyň ýeterlik derejede iýmitlenip bilmändigini belledi.

Da Silwa klimat çalşygynyň oba hojalyk pudagyna ýetirýän ýaramaz täsiri sebäpli açlyga sezewar bolanlaryň sanynyň artýandygyny belledi.

Bütindünýä Azyk maksatamasynyň Ýerine ýetirijisi müdüri Dewid Beasleý bolsa “Her 5 sekuntdan bir çaga açlykdan ölýär. Dünýäde 300 trillion dollarlyk baýlyk barka bu kabul edilip bilinmez we günäsi geçilmez” diýdi.

Çaknyşyklar bilen birlikde klimat çalşygynyň hem diýseň möhümdigini aýdan Beasleý 22-23 million adamyň klimat çalşygy sebäpli ýerini ýurduny terk edendigini ýatlatdy.

“Dünýäde azyk howpsyzlygy we iýmitlenme şertleri” atly habarnamada dünýä açlyga sezewar adamlaryň sanynyň artandygy nygtaldy.

Habarnamada “2017-nji ýylda dünýä aç ynsanlaryň sany 821 million adama ýetdi, ýagny dünýäde her 9 adamdan biri aç” diýildi.

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #dünýä , #çaga , #açlyk

Degişli Habarlar