BMG Idlibdäki soňky wakalary we Tähran maslahatynyň netijelerini seljermek üçin jemlenşer

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi Siriýanyň Idlib şäherinde başdan geçirilýän wakalar bilen Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň lideriniň Eýranyň paýtagty Tähranda geçiren maslahatynyň netijelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin jemlenşer

1047108
BMG Idlibdäki soňky wakalary we Tähran maslahatynyň netijelerini seljermek üçin jemlenşer

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň agzasy Russiýa, Idlibdäki soňky wakalaryň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň gyssagly jemlenişmegi barada çagyryş berdi.

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi Russiýanyň çagyryşyna laýyklykda şu gün Türkiýe wagty bilen sagat 18.00-da Idlibdäki soňky wakalary we Prezident Erdoganyň, Russiýanyň Prezidenti Putiniň we Eýranyň Prezidenti Ruhaniniň Tähranda geçiren üçtarapalýyn maslahatynyň netijelerini seljermek üçin jemlenşer.

BMG-na görä, Siriýanyň hökümetiniň we Russiýanyň ýurduň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Idlib we Hama welaýatlarynda guran howa hüjümleri we çaknyşyklar sebäpli soňky 1 hepde-de 30 müňden gowrak adam öýüni terk etdi, köp sanly adam hem ýogaldy.

Siriýanyň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän harby oppozisionerleriň we hökümete garşy ýaragly toparlaryň gözegçiligi astynda bolan Idlib bilen töwerekleri 2017-nji ýylyň maý aýynyň 4-5i aralygynda Astanada geçirlen maslahatda “çaknyşyksyz zolak” hökmünde yglan edilipdi, emma muňa garamazdan Asada tabynlykdaky güýçler bilen wagtal-wagtal hem Russiýa Idlibe howa hüjümlerini guramaga dowam edýär.


Etiketkalar: #BMG , #Idlib , #Russiýa

Degişli Habarlar