Asada tabynlykdaky güýçlere degişli harby merkeze raketa hüjümi guraldy

"Hama welaýatyndaky tanklar mekdebi bazasyna Grad raketalary bilen hüjüm guradyk”

1046215
Asada tabynlykdaky güýçlere degişli harby merkeze raketa hüjümi guraldy

Siriýanyň Idlib welaýatyndaky harby oppozisionerler Asada tabynlykdaky güýçleriň guran howa hüjümlerine gaýtawul berdi we Asada tabynlykdaky güýçlere degişli harby merkezlere raketa hüjümini gurady.

Azat Siriýa goşunynyň Milli erkinleşdiriş frondy tarapyndan berlen beýanatda “Asada tabynlykdaky güýçleriň welaýatyň çar tarapynda asuda ilaty nyşana alýan hüjümlerinden soň Hama welaýatyndaky tanklar mekdebi bazasyna Grad raketalary bilen hüjüm guradyk” diýildi.

Asada tabynlykdaky güýçleriň üstümizdäki ýylyň başyndan bäri welaýatda guraýan howa we gury ýer hüjümlerinde iki hassahana nyşana alyndy, asuda ialtdan 29 adam ýogaldy, 58 adam ýaralandy.

 

 

 



Degişli Habarlar