Germaniýada bir türk raýatynyň ulagy ýakyldy

Germaniýanyň paýtagty Berlinde bir türk raýatyna degişli ulag ýakyldy

1046023
Germaniýada bir türk raýatynyň ulagy ýakyldy

Berliniň Neukölln diýilen ýerinde ýakylan ulag, ulanyp bolmajak ýagdaýa geldi.

Ulagyň eýesi Ibrahim Gümüş ulagynyň, bagažynyň gapysynda Türkiýäniň baýdagy bolanlygy üçin ýakylandygyny mälim etdi.

Gümüş nägileligini hem ýanýan ulagynyň her tarapyna has uly türk baýdagyny açyp görkezdi.  

Ibrahim Gümüş mundan başgada Türkiýäniň Milli Senasynyň 3-nji bendini hem ulagynyň gapdal tarapyna ýazdy.

Polisiýa gullugy geçiren derňewleriniň netijesinde ulagyň ýanynda syýasy ýüzlenmäniň ýazylandygyny anyklandyklaryny habar berdi.

Dellilleri ýygnan polisiýa işgärleri derňewi hem syýasy hem-de rasistik çäkden alyp barýar.


Etiketkalar: #Germaniýa , #Berlin , #ulag , #türk

Degişli Habarlar