Siriýa meselesi boýunça Stambul sammitiniň taýarlyklary dowam edýär

Uşakow Stambulda geçiriljek ýokary derejeli maslahat üçin taýarlyklara başlanmalydygyny aýtdy

1044021
Siriýa meselesi boýunça Stambul sammitiniň taýarlyklary dowam edýär

Russiýanyň Prezidentiniň Diwanynyň Daşary syýasat boýunça geňeşçisi Ýuriý Uşakow Siriýa meselesi boýunça geçiriljek Türkiýäniň-Russiýanyň-Fransiýanyň-Germaniýanyň liderleriniň maslahatynynyň taýarlyklaryna başlanyp bilinjekedigini beýan etdi.

Uşakow žurnalistlere beren beýanatynda türk tarapynyň ozal Stambulda geçirilmegini teklip eden maslahatynyň liderler tarapyndan ara alynyp maslahatlaşylandygyny ýatlatdy.

Russiýanyň Türkiýäniň teklibine oňyn garaýandygyny beýan eden Uşakow; “Bu meselede işlemek üçin syýasy hünärmenler bellendi. Golaýda, belkem 10 günüň dowamynda kärdeşlerimiziň gepleşiklere başlamagyna garaşýaryn” diýdi.

Geçiriljek gepleşiklerden soň maslahatyň wagtynyň kesgitlenjekdigini nygtan Uşakow; “Emma meniň pikirimçe dört tarap hem maslahatyň Stambulda geçirilmegine garşy däl. Şeýle bir pikir bar. Emma haçan geçiriljekdigi kesgitlenmedi, taýarlyklar dowam edýär” diýdi.



Degişli Habarlar