"Idlibde himiki ýarag ulanylsa Siriýa hüjüm ederis"

Fransiýanyň Baş ştabynyň başlygy Idlib bilen bagly möhüm beýanat berdi

1044417
"Idlibde himiki ýarag ulanylsa Siriýa hüjüm ederis"

Fransiýanyň Baş ştabynyň başlygy Fransua Lekuantr: "Idlibde himiki ýarag ulanylsa Siriýa hüjüm ederis" diýip belledi.

Siriýanyň hökümetiniň Idlibe guramagy ähtimal operasiýa barada beýanat beren Fransua Lekuantr: “Idlib operasiýasynda himiki ýarag ulanylan halatynda, güýçlerimiz Siriýa hüjüm etmek üçin taýýarlykly dur” diýdi.

Fransiýanyň Baş ştabynyň başlygy Fransua Lekuantr mundan başgada Siriýada terror guramasy DAIŞ-iň gözegçiligi astynda bolan soňky ýerleriň hem öňümizdäki aýyň ahyryna çenli terrorçylardan saplanjakdygyny habar berdi.



Degişli Habarlar